Ozal habar berşimi ýaly, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölüminiň işgärleri hünärlerini kämilleşdirmek maksady bilen «Programma üpjünçiliginiň goragy» boýunça okuw sapaklaryny geçmek üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän «EDOXI TRAINING INSTITUTE» okuw merkezinde saparda boldular. Malaýziýanyň «Serba dinamik Sdn.Bhd» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bilen baglaşylan şertnama esasynda guralan okuw sapary üstünlikli tamamlandy. Oňa laýyklykda, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikatlaşdyryş bölüminiň işgärlerine «ETHICAL HACKING V12» şahadatnamalary berildi. Okuw saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzlalary Dubaý şäherinde ýerleşýän «Microsoft» we «Google» kompaniýalarynyň iş ýerlerine hem baryp gördüler. Ol ýerde türkmen hünärmenleri dünýä belli abraýly kompaniýalaryň programma üpjünçiliginiň goragy babatda ýeten derejesi bilen ýakyndan tanyşdylar hem-de bu kompaniýalarda ulanylýan öňdebaryjy usullary Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir