Şu gün Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda daşary syýasatyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýygnak geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Ýygnagyň çäklerinde daşary syýasat edarasynyň düzüm birlikleriniň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň we konsullyklarynyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda işiniň esasy ugurlary seljerildi we 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlsiniň dowamynda ýurduň diplomatik korpusynyň öňünde goýan möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat döwründe ministrligiň işiniň netijeleri, şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtlara guralan ýokary derejeli saparlaryň hem-de ýurda daşary ýurtlaryň baştutanlarynyň, ençeme halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň amala aşyrylan saparlarynyň netijeleri barada habar berdi. Ýygnakda ýokary derejeli duşuşyklardyr gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň umumy ösüşiň ýörelgelerine hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we berkidilmegine ýardam edýändigi nygtaldy. Şeýle-de, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň, bilelikdäki işewürler geňeşleriniň we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilýänligi hem bellenildi. Ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň ýolbaşçylary hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alyp amala aşyrylýan işler barada çykyş etdiler, Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri hem-de halkara guramalary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir