Düýn Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Uly metbugat ýygnagyny – žurnalistler bilen söhbetdeşligi we göni ýaýlymda raýatlaryň ýüztutmalaryny özüne birleşdirýän formatda ýylyň jemlerini jemledi diýip, «MIR 24» habar berýär. Göni ýaýlym başlamazdan öň, RF-niň Liderine iki million bir ýüz müň ýüztutma gelip gowuşdy, gepleşigiň redaktorlary şeýle-de sowallary bütin göni ýaýlymyň dowamynda kabul etdiler. Russiýanyň Prezidenti bilen göni ýaýlymdaky duşuşyk dört sagat üç minut dowam etdi. Putin çäräniň dowamynda 67 sowala jogap berdi, olaryň 26-syny raýatlar göni ýaýlymda, 33-sini žurnalistler uly metbugat duşuşygynda berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir