«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde şu ýylyň on bir aýynda nebit berýän guýulardan çykarylyp, döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy mukdary 526,3 müň tonna barabar boldy. Munuň özi bu baradaky bellenilen tabşyrygyň 112 göterime golaý berjaý edilendiginden habar berýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 115 göterimden gowrak ýokarlandyrmagy başaran gumdagly nebitçiler üstümizdäki ýylyň meýilnamasyny möhletinden öň ýerine ýetirmegi maksat edinýärler diýlip, habarda aýdylýar. Habarda bellenilişi ýaly, kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaň erk edýän müdirligiň hünärmenleriniň irginsiz tagallasy bilen bu guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda we döwrebap ýola goýulýar. Bu ýagdaý kärhanada bellenilen meýilnamalaryň artygy bilen amal edilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Kärhana boýunça hasabat döwründe tabşyryga goşmaça ýedi million kub metre barabar «mawy ýangyjyň» çykarylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir