Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň on bir aýynda gurnama demir beton önümleriniň 23 müň kub metre golaýyny öndürip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterim ösüş gazandylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda hojalygy ýöretmegiň täzeçe usullarynda işleýän zawodda iň kämil hem innowasion enjamlar ornaşdyrylan önümçilik ulgamda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň içki diwarlarynyň taýýarlanyşynyň, şeýle-de ýerli gurluşyk önümleriniň esasylarynyň biri bolan hekiň öndürilişiniň möçberi artdy. Ýerli gurluşyklary ýokary hilli senagat önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmäge uly goşant goşýan kärhanada häzirki wagtda gurluşyk serişdeleriniň 20 görnüşi öndürilýär. Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän düýpli abatlaýyş işleri, önümçilige ornaşdyrylýan ýokary öndürijilikli ulgamlar, armaturalary kebşirleýji, beton garyjy hem-de ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmäge, şanly ýylymyzy uly üstünlikler bilen jemlemäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir