Duşenbe şäheriniň ýaşaýjylary elektrik awtoulagyny barha köp satyn alýarlar, bu ýyl Respublika olaryň bir müňden köpüsini import etdi. Ýurtda elektrik ulaglaryny ösdürmek maksatnamasy kabul edildi diýip, «MIR 24» ýazýar. Taksi sürüjiler ilkinji bolup elektrik awtoulaglarynyň bähbitlidigine düşündiler, indi paýtagtyň taksi parkynda elektrik ulaglaryň paýy 20 göterimden hem geçdi. «Ýangyjyň bahasy ýylsaýyn gymmatlaýar. Öň diňe benzine işläpdirin, indi hezil, irden ulaga güýç berýärin, agşama çenli arkaýyn ýetýär. Öň benzine sarp eden pulum indi maşgalama siňýär» diýip, taksi sürüjisi Nabi Rajabow gürrüň berýär. Şäherde elektrik ulaglaryna güýç berýän beketlere-de zerurlyk artýar, olar heniz ýetenok. Munuň çözgüdi üçin hytaýly önüm öndürijiler bilen geleşik baglaşyldy. Täjigistanlylaryň elektrik ulaglara geçmeginiň ýene bir sebäbi ekologiýa barada aladadyr. Maksatnama laýyklykda, 2027-nji ýyla çenli elektrik ulaglarynyň paýy 30 göterime ýetmeli. «Her aý bäş ulag satýarys. Häzir hemme ulaglarymyzy satdyk, täzeleriniň gelmegine garaşýarys. Meşhur hytaýly awtoulag öndürijilerinden sargyt edýäris» diýip, elektrik ulaglarynyň satuwy bilen meşgullanýan kompaniýanyň işgäri Muhammadali Nuralizoda gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir