Geljek ýylyň başynda äleme uçjak ilkinji türk kosmonawtynyň kimdigi belli boldy. Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajiriň aýtmagyna görä, Alper Gezer 2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda äleme ýola düşer. Türk kosmonawty Halkara kosmos bekedinde Ispaniýadan, Italiýadan we Şwesiýadan bolan astronawtlar bilen bile işlär. Ol älemde 14 gün bolar. Bu barada «Report.az» habar berýär.