«ITEA» akademiýasy «Adaty zatlaryň dizaýny» tenmasynda geçiriljek gyzykly hem tölegsiz ussatlyk sapagyny başlangyç taýýarlykly dizaýnerler hem-de köpugurly sungatyň bu görnüşi bilen gyzyklanýanlar üçin guraýar. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar zatlaryň adam bilen nähili özara täsirdedigini, olaryň adamyň gündelik özüni alyp barşyna, fiziki we emosional ýagdaýyna nähili täsir edýändigini öwrenerler. Şu nukdaýnazardan, mebeller, gap-gaçlar, enjamlar we ş.m. ýaly gündelik görýän zatlarymyz dizaýn çemeleşmeleri üçin özboluşly mysal bolup hyzmat eder. Ussatlyk sapagynyň spikeri — «ITEA» IT-akademiýasynyň häzirki we tejribeli mentory, UX/UI boýunça Senior, «Caspy Creative» studiýasynyň dizaýneri, türkmen dilindäki ilkinji tehnologik blogyň awtory Emir Hudaýberdiýew bolar. Ol ýaş dizaýnerleri dizaýn çözgütlerinden diňe bir estetiki kanagatlanmany däl-de, eýsem ulanyjylaryň zatlary ulanmagyny aňsatlaşdyrýan we gündelik işleri optimizirlemäge kömek edýän zerurlyklaryna hem-de isleglerine düşünmekden başlanýan döredijilik işi bilen tanyşdyrar. Mysal üçin, aşhana gap-gaçlarynyň dizaýny olaryň ýygnamak üçin amatlylygyny, arassalamagyň aňsatlygyny we ulanylyşdaky ergonomikany göz öňünde tutmalydyr. Ussat sapagyna gatnaşyjylar şeýle-de gündelik zatlaryň dizaýnynyň ekologik taraplaryny we daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmak barada hem öwrenerler. Tölegsiz ussatlyk sapagy 15-nji dekabrda sagat 18:30-da şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., Atatürk köşçesi, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 1-nji gat, A7 ofisi. Gatnaşmak üçin hökman şu salgylanmada hasaba alynmalydyr.