«Tasteatlas» serwisi dünýäniň 100 sany iň gowy aşhanasynyň reýtingini neşir etdi. Ol tagamlara berlen 395 müňden gowrak bahalara we hyzmatlardan peýdalanyjylar tarapyndan iýmitlere berlen 115 müňden gowrak bahalara esaslanyp düzüldi. Pizzanyň, makaronyň we jelatonyň watany hasap edilýän Italiýa reýtingde birinji orny eýeledi. Ýaponiýa ikinji, Gresiýa üçünji ýerlerde diýlip kesgitlenildi. Şeýle hem ilkinji onluga Portugaliýa, Hytaý, Indoneziýa, Meksika, Fransiýa, Ispaniýa we Peru ýaly ýurtlaryň aşhanalary girizildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda tapawutlanan sanawdan Özbegistan (76-njy ýer), Gazagystan (90-njy ýer) we Gyrgyzystan (92-nji ýer) orun aldy. Rus aşhanasy bolsa reýtingde 41-nji, türk aşhanasy hem 15-nji orunda durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir