Özbegistan we Saud Arabystany şäherleriň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň sanyny hepdede 70-e çenli artdyrmak barada ylalaşdylar diýip, «Trend» habar berýär. Bu ugurda geleşik «ICAN-2023» çäresiniň barşynda Özbegistanyň Ulaglar ministrliginiň wekilçilikli topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Howa edarasynyň arasynda baglaşyldy. Daşkentden Saud Arabystanynyň şäherlerine hepdede 14 gatnaw amala aşyrylar, hepdede halkara howa menzilleri bolan şäherleriň arasynda 21 gatnaw ýola goýlar. Uçuşlaryň köpeldilmegi Özbegistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda howa gatnawyny, şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň özara gatnaşyklaryny berkider.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir