«Netflix» internet platformasy täze «Bewerli-hillzli poliseý: Aksel Fouli» filminiň ilkinji tizer-treýlerini çap etdi. Eddi Merfiniň baş keşbi janlandyrýan filmler tapgyrynyň dördünji bölümi 2024-nji ýylda bu striming meýdançasynda görkeziler diýip, «Film.ru» habar berýär. Filmde şeýle-de aktýorlar Jozef Gordon-Lewitt, Kewin Beýkon, Teýlor Peýj dagylar çykyş edýärler. «Bewerli-hillzli poliseý» filminiň birinji bölümi 1984-nji ýylda ekranlara çykdy, 1987 we 1994-nji ýyllarda onuň ikinji we üçünji bölümleri tomaşaçylara ýetirildi. Filmler dünýä prokatynda jemi 712 million dollar toplady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir