«Google» kompaniýasy «Chrome» brauzerine «Compose» funksiýasyny girizmegi meýilleşdirýär, bu ulgam emeli aň arkaly ulanyjynyň islegi boýunça tekst döredýär. 9to5mac portalynyň habar bermegine görä, «Chromium Gerrit» trekerindäki kod üýtgemeleri muny tassyklaýar. «Compose» funksiýasy ulanyjylara dürli maksatly tekst kontentini, şol sanda sosial ulgamdaky ýazgylary we elektron hatlary döretmäge kömek eder. Täzelik ulanyjylara web-formalarynyň tekst meýdanlarynda işjeňleşdirilýän, açylan interaktiw awtomatiki doldurmak (awtozapolneniýa) penjiresi arkaly tekst ýazylanda kömek berer. Mundan başga-da, emeli aň ulanyjynyň işiniň manysyna has takyk düşünmek üçin web sahypasynyň mazmunyny seljerip biler. Teklip edilýän tehnologiýa ulanyja birnäçe ýazgy stilini, şeýle hem bar bolan teksti üýtgetmek ýa-da gysgaltmak mümkinçiligini hödürläp biler. Şuňa meňzeş hyzmat «Gmail», «Google Keep» we «Messages» ýaly hyzmatlarda eýýäm durmuşa geçirildi. Olarda bu funksiýa «Smart Compose» ady bilen bellidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir