Kanýe Uest öz habarlar ýaýlymyny işe girizmegi meýilleşdirýär. 46 ýaşly repçiniň we dizaýneriň täze kär tapynandygy barada “The Sun” neşiri habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Uest soňky birnäçe aý bäri habarlar ýaýlymynyň ideýasyny taýýarlaýar we eýýäm taslamanyň saýtyny synagdan geçirýär. “Ýeniň maksatlary uly, hatda onuň töweregindäki adamlar hem bu meýilnama haýran galýarlar. Ol eger häli zat dogry edilse, üstünlik gazanjakdygyna ynanýar. Ýe adamlara meýnstrimden üýtgeşik nämedir bir zady bermek isleýär” – diýip, insaýder belleýär. Bu ýaýlymyň ABŞ-daky durmuş barada gürrüň berjekdigi çaklanylýar, ýöne oňa dünýäniň islendik nokadyndan tomaşa etmek bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir