Şwesiýanyň patyşasy Karl XVI Gustaw Stokgolm filarmoniýasynda lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we ykdysadyýet boýunça Nobel baýraklaryny gowşurdy. 10 sany baýrak eýesi monarhyň elinden diplomlary we altyn medallary aldy diýip, TASS habar berýär. Dabarany açan Nobel gaznasynyň edarasynyň başlygy Astrid Sýoderberg Widding erkin düýpli gözlegleriň netijesinde ylmyň adamzadyň bilim serhedini giňeldip, garaşylmadyk we öňünden bilip bolmajak geljekki wakalara taýýarlygy üpjün edýändigini aýtdy. Ol baýrak eýeleriniň ylmyň we edebiýatyň güýjüne şaýatlyk edýändigini sözüniň üstüne goşdy. “Olar biziň ýekelikde we bilelikde dünýäni üýtgetmäge ukyplydygymyzy görkezýär” diýip, ol belledi. Belläp geçsek, esaslandyryjynyň profilini saklaýan Nobel medallary 18 karat altyndan taýýarlanyp, agramlary 175 g barabardyr. 1980-nji ýyla çenli medallaryň agramy 200 g çenli bolup, 23 karat altyndan taýýarlanýardy. Ykdysadyýet boýunça baýrak alanlar birneme agyr medal alýarlar – 185 g. Baýrak gowşurylandan soň, laureatlar, myhmanlar, şa maşgalasynyň we hökümet agzalary, ylmy, işewür we medeni elitanyň wekilleri Stokgolmyň şäher edarasyna däp boýunça guralýan bankete ugradylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir