Argentinanyň saýlanan prezidenti Hawýer Mileý resmi taýdan döwlet baştutany wezipesine girişdi. Bu barada La Nacion gazetine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Dabara Buenos-Aýresiň merkezindäki Kasa Rosadada – Argentinanyň prezidentiniň resmi rezidensiýasynda geçirildi. Onuň öňünde döwlet baştutanynyň ýüzlerçe tarapdary ýygnandy. Kasam etmek bilen, Mileý dört ýyl möhlet bilen täze döwlet baştutany boldy. Wezipäni terk edýän Alberto Fernandes Mileýiň elini gysyp, prezident wezipesine girişmegi bilen gutlady. Mileý öz çykyşynda şu gün “täze eýýamyň başlanýandygyny” aýtdy. Ýatlap geçsek, Hawýer Mileý Argentinada geçirilen prezident saýlawlarda ikinji tapgyrda dolandyryjy partiýadan dalaşgär Serhio Massadan 10% öňe geçip, ýeňiş gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir