Ýeňil agramda Ultimate Fighting çempionatynyň (UFC) çempiony rusýaly Yslam Mahaçew orta agyr agram derejesinde guramanyň çempiony diýen ady almak üçin indiki söweşini geçirmek isleýär. Ol žurnalistlere bu barada aýtdy. Häzirki çempion, iňlis türgeni Leon Edward bilen amerikaly türgen Kolbi Kowingtonyň arasynda UFC-niň orta agyr agram derejesindäki çempiony adyny almak ugrundaky göreş 17-nji dekabr gijesi Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) geçiriler. Mahaçew: "Indiki söweşde Edward-Kowington söweşiniň ýeňijisi bilen söweşmek isleýärin. Iki ada eýe bolmak isleýäris" -diýdi. Mahaçýow 32 ýaşynda. Onuň garyşyk söweş sungatynda (MMA) 25 ýeňşi we 1 ýeňlişi bar. 21-nji oktýabrda Mahaçew Abu-Dabidäki UFC 294-de awstraliýaly türgen Aleksandr Wolkanowskini ýeňlişe sezewar etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir