BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň dolandyryş edarasy bolan Taraplaryň konferensiýasy indiki COP29 sammitiniň Azerbaýjanda geçirilmegini tassyklady. TASS-yň habarçysynyň habaryna görä, Taraplar karary bäşinji umumy maslahatda tassykladylar. 9-njy dekabrda Azerbaýjanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministri Muhtar Babaýew geljek ýyl BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 29-njy konferensiýasyny geçirmek üçin respublikanyň kandidaturasy barada "umumy ylalaşyk" gazanylandygyny habar berdi. Azerbaýjanyň arzasynyň makullanylmagy üçin COP28-e gatnaşýan Gündogar Ýewropa toparynyň agzalarynyň goldawy gerek boldy. Maslahatyň çäginde geçirilen sebit blogynyň ýygnagynda ýurtlar Azerbaýjanyň kandidaturasyny goldadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir