Bütindünýä ýeňil atletika birleşigi 2023-nji ýylda iň gowy türgen diýlip ykrar edilen alty türgeniň adyny yglan etdi. 2023-nji ýylyň iň gowy türgenleriniň arasynda Tigist Assefa (Efiopiýa), Feýt Kipyegon (Keniýa), Ýulimar Rohas (Wenesuela), Armand Dýuplantis (Şwesiýa), Nua Laýls (ABŞ) we Kelwin Kiptum (Keniýa) bar. "Assefa, Dýuplantis, Kiptum we Kipyegon 2023-nji ýyldaky gatnaşan ýaryşlarynda dünýä rekordyny goýdular. Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň alty türgeni ýylyň dowamynda dünýäniň çempiony adyny gazandylar ýa-da iri marafon ýaryşlarynda ýeňiji boldular” – diýip, World Athletics habar berýär. Mysal üçin, Assefa sentýabr aýynda Berlin marafonynda dünýä rekordyny goýup ýeňiji boldy. Ylgawçy 2 sagat 11 minut 53 sekuntda 42 kilometr 195 metr aralygy geçdi. Dýuplantis syrykly bökmekde öz dünýä rekordyny täzeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir