La Sexta -nyň habaryna görä, Madridiň “Atletiko” klubyny satuwa goýmak işi başlandy. "Atletiko" -nyň baş müdiri Migel Anhel Hil Marin klubyň prezidenti Enrike Sereso bilen bilelikde kluby satmak işine başlady. Olar “Atletiko” -nyň paýnamalarynyň 65 göterimine eýeçilik edýärler. Çeşmäniň berýän habaryna görä, ilkinji duşuşyklar eýýäm boldy. Madridiň klubyny satyn alyp biljek, “Maýami Dolfins” NFL toparynyň eýesi Stiwen Ross bu iş bilen çynlakaý gyzyklanýan amerikan telekeçisidir. Häzirki wagtda Madridiň “Atletiko”-sy 34 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynda dördünji orunda barýar. Indiki tapgyrda topar bilbaoly “Atletik” bilen duşuşar. Oýun 16-njy dekabrda geçiriler. Çempionlar ligasynda topar 11 utuk bilen öz toparynyň ýaryş sanawynda bir özi öňde barýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir