Şu gün, 13-nji dekabrda Aşgabatda Parahat bazarynyň (Mir bazary) gapdalynda «Gassap Döner» ady bilen täze kafe açyldy. 100% arassa etden tagamlaryny hödürleýän täze kafede açylyş gününde dürli aksiýalar hereket eder. Munuň üçin «Gassap Döner» hemmeleri kafesine çagyrýar. «Gassap Döner» diňe bir döner iýmegi halaýanlar üçin däl, eýsem, maşgala bolup ýakymly ýerde wagtyny hoş geçirmek isleýänleriň göwnünden turar. Bu ýerde tiz tagamlardan başlap, işdäaçarlaryň dürli görnüşlerini, mangal tagamlaryny alyp bolýar» diýip, «Gassap Döneriň» menejeri aýdýar. Ýakymly atmosferada işdeş ýoldaşlaryň bilen kofe başynda erkin görnüşde duşuşyklary geçirmek üçin hem «Gassap Döner» kafesi tüýs ýerine düşüp biler. «Gassap Döneriň» tagamlaryny öýde ýa işde oturan ýeriňden hem sargyt edip bolýar. Salgysy: Parahat-1, (Mir 1), 1951-nji köç., (Ýunus Emre), 58a jaý. Habarlaşmak üçin telefonlar: 865600684 865636662 812456207 Instagram: gassapdoner TikTok: gassapdoner

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir