“Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda 50 gol geçirdi. 38 ýaşly portugaliýaly oýunçy Saud Arabystanynyň patyşasynyň Kubogynyň dörtden bir final oýnunda “Al-Şababyň” derwezesine gol girizdi. Şeýlelik bilen, Ronaldu klub we milli topar üçin 49 gol geçiren hüjümçiler Garri Keýn bilen Kilian Mbappeden öňe geçdi we hüjümçi Erling Holandyň yzyndan ýetdi (50 gol). “Al-Nasr” “Al-Şababy” 5:2 hasabynda utup, ýaryşyň ýarym finalyna çykdy. Indi topar “Al-Halij” bilen duşuşar. Häzirki möwsümde Ronaldu “Al-Nasr” üçin ähli ýaryşlarda 22 oýna gatnaşyp, öz hasabyna 20 gol we 10 netijeli geçirim ýazdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir