Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Eýranyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar iki döwletiň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, eýran-türkmen serhediniň dostluk serhedidigini belledi. Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen Moskwada geçirilen gepleşikleri ýatlap geçip, Türkmenistan bilen Eýranyň energetika, tebigy gaz, ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigini belläp geçdi. R.Meredow Türkmenistanyň Eýran bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir