Daşoguz welaýatynyň şalyçy kärendeçileri döwlet tabşyrygyny artygy bilen berjaý etdiler. Welaýat boýunça bol hasyl ýetişdirilen 8100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan gowrak şaly öndürildi, diýlip «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýokary islegli daşoguz tüwüsi, esasan, welaýatyň demirgazyk künjegindäki Aýböwür ýaýlasynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň iki hojalygynda ýetişdirilýär. Şanly ýylda etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 müň 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 3350 gektar ýerden 14 müň 500 tonna şaly hasyly öndürildi. Hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 60-dan gowragy gije-gündizleýin işledildi. Şaly ýetişdirmekde uly tejribe toplan kärendeçileriň aglabasy her gektardan 55 — 60 sentnerden hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Şu ýyl etrabyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 400-e golaý, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde 300-e golaý kärendeçi bilen şaly ýetişdirmek barada şertnama baglaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir