«Göreldeli» merkezi işewürligi döretmek, ösdürmek we alyp barmak üçin iň amatly ýer boljak ofis otaglaryny: 10 adamlyk maslahatlar zalyny, gepleşikler üçin 15 adamlyk otagy we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin aşhana hödürleýär. Otaglary islendik mukdarda gatnaşyjylar üçin sagatlaýyn, gündelik ýa-da aýlyk buking etmek (bronlamak) mümkindir. Koworking (hyzmatdaşlyk esasynda iş) üçin niýetlenen otaglar amatly iş alyp barmak, maslahatlary we işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin zerur zatlar bilen üpjün edilendir. Hyzmatlar amatly mebel bilen enjamlaşdyrylan iş otagyny, Wi-Fi toruna elýeterliligi, kabul ediş (resepşen) hyzmatlaryny, naharhanany, proýektorly ekrany, ýekşenbe günleri noutbuklary we ş.m. öz içine alýar. Tanyşdyryş otagy we kofe/çaý üçin amatly arzanladyş ulgamy hem göz öňünde tutulandyr. Koworking ulanyjylaryň ähli görnüşleri üçin amatlydyr. Startaplar we kiçi kompaniýalar koworking esasynda iş ýerini kärendesine alyp, kärende we infrastruktura üçin pul tygşytlap bilerler. Uzak aralykdan işleýän ýa-da ýygy-ýygydan syýahat edýän frilanserler (erkin işgärler) we hususy telekeçiler koworking esasynda amatly iş ýerini tapyp bilerler. Korporatiw kompaniýalar bilelikdäki taslamalary, ofis çärelerini we okuwlary guramak üçin koworkingden peýdalanyp bilerler. Otaglary buking etmegiň bahasy we oňa girýän hyzmatlar barada has giňişleýin maglumaty şu belgä jaň edip alyp bilersiňiz: (+993 12) 48 61 20. «Göreldeli» merkeziniň salgysy: Atatürk 61. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir