Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň şanyna ýurtdaky teatrlarda daşary ýurtly nusgawy ýazyjylaryň, şeýle hem türkmen edebiýatynyň eserleri esasynda oýunlar görkeziler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. 12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta» atly meşhur eserini halka hödürlär. 12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly we degişmeli konsert bolar. Bu agşamyň maksatnamasy meşhur artistleriň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryny öz içine alýar. 12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry gülküli «Oskar» oýnuny görkezer. Oýun fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda goýlupdyr. 12-nji dekabrda sagat 19:00-da A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Halklaryň dostlugy» atly konserte çagyrýar. 12-nji dekabrda sagat 15:00-da Türkmen döwlet gurjak teatry iň ýaş tomaşaçylary Aladdin hakyndaky arzyly gündogar ertekileri esasynda goýlan oýnuň ilkinji gezek görkezilişi bilen begendirer. 12-nji dekabrda sagat 19:00-da Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýapon dramaturgy Kinosit Dzýundiziniň pýesasy esasynda goýlan «Durna umydy» oýny görkeziler. 12-nji dekabrda sagat 19:00-da Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry «Bitaraplyk owazlary» atly konserte çagyrýar. «Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we dost-doganlyk joşguny» ady bilen ýurtda 6-njy dekabrdan 13-nji dekabra çenli geçýän dünýä teatr sütünleriniň hepdeligi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýola goýlupdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir