Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. Ýurduň ähli künjeklerinden zehinli çagalar emin agzalaryna üç ugurdan — düzme, maket we surat boýunça işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň esasy tematikasy milli ýörelgeleri, türkmen halkynyň ruhy-ahlak mirasyny we Watana söýgini wasp etmäge gönükdirilendi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň işgärlerinden we tanymal döredijilik işgärlerinden ybarat eminler geňeşi Aşgabada, Arkadag şäherine hem-de ýurduň welaýatlaryna wekilçilik edýän 15 ýeňijini kesgitledi. Bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna çykanlar guramaçylaryň hormat hatlary we ýörite sowgatlar bilen sylaglanyldy. Her ýyl geçirilýän «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» döredijilik bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň döredijilik taýdan ösmegine ýardam etmäge, ösüp gelýän nesli watanperwerlik hem-de parahatçylyk söýüjilik ruhunda terbiýelemäge, dürli medeniýetleriň we halklaryň hoşmeýilli goňşuçylygyny wagyz etmäge niýetlenendir diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir