Täze ýylyň baýramçylyk saçagyndan soň, köplenç halatda naharlar iýilmän galýar. Olaryň zaýalanmagynyň we saglyga zyýanly bolmagynyň öňüni almak üçin naharlary sowadyjyda saklamagyň düzgünlerini bilmek möhümdir. Umumy düzgünler Işdäaçarlary öňünden taýýarlap goýmak bolýar, ýöne olary gaplara edil nahar alnan mahalynda paýlamak maslahat berilýär. Otag temperaturasynda duran işdäaçarlar holodilnikde bir gije-gündizden artyk saklanyp bilmez. Käbir naharlary sowadyjyda saklamagyň möhletleri: Kolbasa we peýnir dilimleri - 36 sagada çenli; Miwe dilimleri - 24 sagada çenli; Marinad, duzlanan gök önümler - 36 sagada çenli; Konserwirlenen önümler - açylandan 2 güne çenli; Oliwýe, şuba astyndaky selýodka, şeýle-de maýonezli we dürli goşundylary bolan beýleki işdäaçarlar - 12 sagatdan köp saklamaly däl; Winegret - 18 sagada çenli; Holodes - 12 sagatdan köp durmaly däl; Gyzyl ikra - açylan aýna bankaly ikrany gapagyny berk ýapyp, 5-6 güne çenli saklap bolýar. Towuk - ýapyk görnüşde 36 sagada çenli. Peýdalanylan çeşme: Rsute.ru

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir