Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bitaraplyk ýoly — dünýä nusga göreldämiz» atly sergi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideriniň Bitaraplygy wasp edýän kitaplary sergilendi. Şeýle hem Bitaraplygy beýan edýän nakgaş eserler, dürli maketler, türkmen halylary, küýzeler, şaý-sepler görkezildi. Muzeý gaznasynda goralyp saklanýan milli gymmatlyklar, Türkmenistany, Arkadag şäherini wasp edýän ajaýyp suratlar bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir