10-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça edarasynyň sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň derejesiniň barha ýokarlanýandygyny, hususan-da saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini kanagatlanma bellediler. Mälim bolşy ýaly, ýakynda bu ugur boýunça iki taslamany amala aşyrmak boýunça ylalaşyklara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň hökümetin bu guramanyň arasynda 27 taslamanyň amala aşyrylýanlygy, bu taslamalaryň aglabasynyň Türkmenistanyň hökümetiniň ýakyndan ýardam bermeginde durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. I.Žiwkowiç hem öz gezeginde Türkmenistanda sanly ulgama geçmek babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeň alnyp barylýandygyny nygtady hem-de ony giňeltmegiň täze ugurlarynyň üstünde durup geçdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna girmek boýunça meselede goldanylmagynyň dowam etdirilmegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir