Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar. Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Owganystanyň işewürleri EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, ýüpek çig maly, arassalanan nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 83 million 643 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million 465 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we gaplama plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni), elde dokalan halylary, ýüpek çig malyny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir