Düýn, ýekşenbede Müsürde 9,4 müňe töweregi saýlaw uçastoklary açyldy, olarda raýatlar üç günüň dowamynda Prezident saýlawlarynda ses berip bilerler. Bu barada «Al Arabiya» teleýaýlymyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berýär. Saýlawlar, 12-nji dekabry hem goşmak bilen, üç gün dowam eder. Saýlawçylar şu dalaşgärleriň birini saýlamaly bolarlar, olar ýurduň 2014-nji ýyldan bäri häzirki Baştutany Abdel Fattah as-Sisi, Sosial-demokratlar partiýasynyň lideri Farid Zahran we «Wafd» liberal partiýasynyň başlygy Abdel Sanad Ýamam we Respublikan halk partiýasynyň lideri Hazema Omardyr. Arap habar beriş serişdeleri häzirki Prezident as-Sisiniň saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyny çaklaýarlar. Ol oktýabrda raýatlaryny «geljekde gülläp ösüşiň eýýamyna gadam basmaga» çagyrdy. Abdel Fattah as-Sisi 69 ýaşynda, ol öňki harby hünärmen. As-Sisi dürli ýyllarda hökümetde dürli kärleri eýeledi, Müsüriň goranmak ministri, Premýer-ministriň orunbasary boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir