Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirilýär. Halkara foruma daşary ýurt wekiliýetleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Mejlisiniň komitetleriniň agzalary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşýarlar. Forumyň çäklerinde «Öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde dialogy ulanmak», «Dialog arkaly parahatçylygy gazanmakda zenanlaryň orny», «Ýaşlaryň sesi: Dialog arkaly geljekki nesilleriň mümkinçiliklerini giňeltmek», «Halkara hyzmatdaşlyk: Global daşky gurşaw hyzmatdaşlygy boýunça diplomatik dialogy» atly tematiki ýygnaklary hem geçirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän maslahatyň barşynda köp sanly çykyşlar hem-de wide oýüzlenmeler diňlenýär diýip, Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýty habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir