«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dowam etdirer. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berildi. Uçuşlar üçin awiapetekleri «Turkmenistan airlines» web sahypasyndan, Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentliginden, şeýle hem Türkmenistandaky satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz. «Turkmenistan airlines» web sahypasynda Aşgabatdan Moskwa awiapetekleriň bahasy häzirki wagtda 3708,3 TMT. Petekler 15, 17, 19, 20, 26 we 27-nji dekabrda bronlamak üçin elýeterlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir