Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda netijeli we ynamly syýasy gepleşikleri pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň möhümdigini bellediler. Söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde gaz pudagynda, elektrik energiýasy pudagynda we ulag hyzmatdaşlygyna üns berildi. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda söwda-ykdysady çäreleriň we duşuşyklaryň toplumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň halklarynyň umumy taryhy we medeni däp-dessurlary sebäpli medeni-ynsanperwer ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryndan biri hökmünde nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet-ynsanperwer gatnaşyklaryň çygryny mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygy belenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir