Türkmenistanda 1. Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat – Bangkok ýolagçy gatnawyna petegiň iň arzan bahasy 7734 manatdyr. Nyrhlar hyzmat synpyna, ugruna we beýleki görkezijilere baglylykda üýtgeýär. Petekleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýurduň içindäki ýa-da daşyndaky ofislerinde we wekilhanalarynda satyn almak mümkindir. Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça dowamly howa gatnawlarynyň 22-nji dekabrdan başlajakdygyny ýatladýarys. Olar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar. 2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda şäheriň Baş baýdak meýdançasyna geldi. Bu ýerde ilkinji gezek Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyrylar. Gurbanguly Berdimuhamedow dabaralaryň ýokary derejede geçirilmelidigini belläp, bu ýerde belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary guramak, baýramçylyk dabaralarynyň türkmen toýlaryna mahsus ýagdaýda köpöwüşginli çykyşlar bilen utgaşmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. 3. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Sergeý Rahmaninowyň ömri we döredijiligi barada planşet sergisi guraldy, şeýle hem onuň eserleriniň konserti geçirildi. Medeni çäre rus kompozitorynyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlandy. Konserte Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Rahmaninowyň suratlarynyň sergisi kompozitoryň döredijiliginiň muşdaklarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Suratlarda onuň durmuşynyň dürli döwürleri şekillendirilipdir. 4. Türki dünýäniň medeni paýtagty derejesi resmi taýdan Änew şäherine geçirildi. Änew şäheriniň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde saýlanylmagy Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň arasyndaky halkara medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga itergi berer. Resmi dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa Türki dünýäsiniň Hemişelik Medeniýet ministrleriniň Geňeşiniň başlyklygynyň nyşany gowşuryldy. 5. 14-15-nji dekabr aralygynda Mary şäherinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň bilelikdäki sergisi geçiriler. Bilelikdäki serginiň çäklerinde mozaika we amaly-haşam sungatlary boýunça ussatlyk sapaklary hem guralar. Myhmanlara konsert maksatnamasy we sungat işgärleriniň çykyşlary hödürlener. Dünýäde 6. Kanadada ajaýyp tapyndy: aşgazanynda iki çaga bolan ýaş tirannozawryň galyndylary ýüze çykaryldy. Bu waka taryhda ilkinji bolup, alymlar gadymy ýyrtyjynyň aşgazandaky zatlary gözden geçirip bildiler. Tapylan galyndylar alymlara tirannozawrlaryň özüni alyp barşy we ekosistemada nähili rol oýnandygy barada täze maglumatlary berip biler. Gelnen netijeleriň birine görä, ýaş ýyrtyjylar ýeke özi hereket edýän ownuk dinozawrlary awlaýardylar. Ulular bolsa ot bilen iýmitlenýän dinozawrlaryň tutuş toparlaryna hüjüm edýärdiler. 7. «Matrisa» we «Jon Wik» filmleriniň ýyldyzy Kianu Riwz ogrularyň hüjümine sezewar boldy. Näbelli adamlaryň bir toparynyň onuň Los-Anjelesdäki ýaşaýyş meýdanyna girendikleri, soň bolsa penjiräni döwüp, jaýa girendikleri bellenilýär. Kianunyň özi öýde däldi – goňşulary kellelerinde lyža maskalary bolan şübheli adamlary görüp, polisiýa jaň etdiler. Indi polisiýa Kianu Riwziň ýaşaýyş emläginde oturdylan kameralardan maglumatlary öwrenýär. Sport habarlary 8. AFK-nyň kubogynyň Merkezi zolakdaky toparçalaýyn tapgyrynyň çäklerinde «E» toparçanyň jemleýji aýlawynyň «Rawşan» ― «Altyn asyr» duşuşygy ozal meýilleşdirilişi ýaly, Gissar şäheriniň Merkezi stadionynda däl-de, Duşenbe şäherinde geçiriler. Duşuşygyň geçiriljek senesi we wagty öňküsi ýaly bolmagynda galýar, 14-nji dekabrda, Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da. Duşuşygyň geçirilmeginiň sebäbi «Rawşanyň» stadionynyň emeli ot örtüginiň gibrid gazon bilen çalşylmaga taýýarlanylýandygy bilen baglanyşyklydyr. 9. Türkmen agyr atletikaçysy Gaýgyzyz Töräýew 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşy bolan Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Gran-pri çempionatynda bürünç medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bu üstünlige 81 kilograma çenli agram derejesinde iki tapgyryň jemi boýunça 338 kg netije bilen ýetdi. Silterläp götermek tapgyrynda Töräýew kellesinden ýokarda 150 kg agramly ştangany, itekläp götermek tapgyrynda bolsa 188 kg götermegi başardy. 10. Türkmenistanda Ýokary liganyň 17-nji tapgyrynyň yza süýşürilen oýny geçirildi, onda «Arkadag» myhmançylykda «Altyn asyrdan» 4:1 hasabynda üstün çykyp, uly ýeňiş gazandy. Wladimir Baýramowyň şägirtleri Türkmenistan çempionatynda ýeňişli oýunlarynyň tapgyryny 22 oýna çenli uzaltdylar we 66 utuk topladylar. Kümüş medal gazanan paýtagtyň «Altyn asyr» topary 21 oýundan soň 47 utuk toplady. Ilkinji üçlügi «Nebitçi» topary tamamlaýar, onuň 21 oýundan soň 34 utugy bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir