Täze ýylyň bosagasynda Şweýsariýanyň «Lindt» şokoladynyň Aşgabatdaky şowrumy baýramçylyk mynasybetli giň önüm görnüşlerini taýýar etdi. Dükanda alyjylaryň dykgatyna dürli ýaşdaky we dürli süýjüligi halaýanlar üçin şokoladlaryň köp görnüşleri hödürlenen. Siz bu ýerden klassik plitkalary, Santa-Klausyň hem-de haýran galdyryjy Teddi aýyjyklarynyň şekiljiklerini, süýji adwent-senenamalary, süýjüleri we başga-da köp sanly şokolad önümlerini tapyp bilersiňiz. Mundan başga-da, dükanda öz islegiňe görä süýjüli sowgatlygyňy ýygnap, ýa bolmasa-da taýýar sowgatlyk toplumy saýlap bolýar. «Lindt» şowrumynyň assortimentinde miweleriň, ir-iýmişleriň we hozlaryň goşulmagy bilen saýlanan kakao noýbasyndan öndürilen süýjüleriň 113 görnüşi bar. «Lindt» şokoladynyň ereýän näzik tagamy we täsin ysy hiç kimi biperwaý galdyrmasa gerek. Edil häzirki günlerde bu ýerde şokoladlaryň ähli görnüşlerine baýramçylyk arzanladyşynyň dowam edýändigini bellemek gerek. Aşgabatdaky «Lindt» şowrumy çagalara we uly ýaşlylara niýetläp Täze ýyl sowgatlaryny saýlamak üçin ajaýyp ýerleriň biri bolar. Aşgabatdaky «Lindt» resmi şowrumy şu salgyda ýerleşýär: A.Nowaýy köçesi, «Altyn zaman» söwda merkezi, 1-nji gat. Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 90 00 05, (+993 63) 73 22 44. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir