«Türkmenhowaýollary» agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň birnäçesiniň uçuşlary üçin petek satyn almak boýunça hyzmatyny hödürleýär diýip, agentlik «Turkmenportala» habar berdi. Hususan-da, agentligiň satuw ofislerinden Russiýanyň «Sibir» («S7 Airlines»), Türkiýäniň «Turkish airlines», şeýle hem BAE-niň «Fly Dubai» hem-de «Emirates» awiakompaniýalarynyň göni we utgaşdyryjy uçuşlaryna petek satyn alyp bilersiňiz. Awiapetekleriň satuw ofisleri «Türkmenhowaýollary» agentliginiň esasy administratiw binasynyň 2-nji gatynda, şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, Oguz han köç., 211-nji jaý.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir