Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän ýöriteleşdirilen toplumynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre türkmen döwletiniň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýändiginiň, ýurtda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüldi. Çärä gatnaşyjylar döwletiň häzirki zamanyň howply wehimlerine garşy durmak we halkyň saglygyny, ýurduň abadançylygyny goramak babatdaky tagallalaryny goldap, saglyk üçin howply zyýanly serişdeleri öz elleri bilen ýörite peçlere okladylar. Jemgyýetçilik durmuşyny zyýanly endiklerden goramak babatda uly ähmiýete eýe bolan çäräniň dowamy Içeri işler ministrliginiň aýdym-saz toparynyň aýdymçylarynyň çykyşlary boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir