Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Braýt Kupemba bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurtlaryň arasynda syýasy geňeşmeleri netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha artýar diýlip, habarda bellenilýär. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Zimbabwe Respublikasynyň arasynda hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen ilkinji ädim hökmünde iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy teklip edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir