Azerbaýjan Ýewropa ýurtlaryna 2023-nji ýylda 12 milliard kub metr töweregi tebigy gaz iberdi, bu Bakuwyň degişli döwürde eksport eden ýangyjynyň bütin möçberiniň tas ýarpysyna golaýdyr. Bu barada ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew «AzTV» teleýaýlymynda çykyşynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Tamamlanyp barýan ýylyň başynda Azerbaýjanyň Ýewropa Bileleşigine gazyň eksportyny artdyrandygy barada ilkinji maglumatlar peýda boldy. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Baku 6,5 mlrd kub metr satmak bilen, «mawy ýangyjyň» eksportyny artdyrdy. Bu 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 11,2 göterim köpdür diýip, Azerbaýjanyň energetika ministri Pýarwiz Şahbazow habar berdi. Ol şeýle-de, eksortuň umumy möçberinden 45 göterimiň ýa-da 2,9 mlrd kub metriň Ýewropa ugradylandygyny, 41 göteriminiň ýa-da 2,7 mlrd kub metriň Türkiýä iberilendigini, galan 14 göterimi ýa-da 0,9 mlrd kub metri Gruziýanyň satyn alandygyny habar berdi. Oktýabrda Azerbaýjan Türkiýedäki gaz merkeziniň taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýardygyny habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir