Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşyp, Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. «Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym, medeniýet, taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna seredip geçdiler» diýlip, habarda bellenilýär. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň wekili Almatydaky edaranyň bilim, ylym we medeniýet pudagynda täze taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermegi dowam etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir