10-njy dekabrda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşdy. Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, taraplar iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we 2024-nji ýylda bilelikdäki hereketleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň sebitde, şol sanda, Türkmenistanda alyp barýan işiniň netijelerine syn berdiler. Şeýle hem duşuşykda guramanyň ýaşlara gönükdirilen işjeňligine aýratyn üns çekilip, halkara ynsanperwer hukugy boýunça Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň milli hyzmatdaşlarynyň mümkinçiliklerini berkitmek hem-de ýokarlandyrmak babatynda çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Öz gezeginde R.Meredow guramanyň sebit ýolbaşçysyna Komitetiň ýurdumyzda Halkara ynsanperwerlik hukugyny ösdürmeklige, dürli raýatlar toparlarynyň arasynda degişli bilimleriň ýaýradylmagyna we ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgeleriniň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri üçin hoşallygyny bildirdi diýip, çeşme habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir