Şu gün — 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Mejlisiň barşynda ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly guramaçylyk meselelerine hem seredildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de mejlisiň dowamynda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek baradaky degişli Permanlara, şeýle-de «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda», «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda», «Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararlara gol çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir