Ahmet Kakabaýewiç Gurbanow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.