Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara şu gün geçiren giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Resminama «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, giňişleýin Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda», şeýle-de «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda», «Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararlara gol çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir