Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahmet Kakabaýewiç Gurbanow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Serdar Jumaýewiç Muhammetdurdyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Ozal biz, başga işe geçmekleri sebäpli, Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewiň we Berdinyýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýewiň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipelerinden, şeýle-de Ahmet Kakabaýewiç Gurbanowyň Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadylandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir