Aşgabatda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Bu barada TDH ýazýar. 11-nji dekabrda bolan mejlise gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Olar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ösüşiniň meýillerini göz öňünde tutmak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Aşgabatda Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri, Bitaraplygyň dostlary toparynyň orny we goşandy bilen baglanyşykly pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenler şu gezekki duşuşygyň bu ugurda gazanylan tejribäni we netijeleri giňişleýin hem-de hemmetaraplaýyn maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik berýändigini, halkara durmuşyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze, has täsirli gurallaryny işläp düzmek üçin şertleri döredýändigini bellediler. Toparyň 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda oňa 25 döwlet goşuldy. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir