«Arkadag» futbol toparynyň oýunçysy Begenç Akmämmedow Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 60-a tegeledi. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň çempionatynda 2012-nji ýyldan bäri 60 gol geçirip bilen 14-nji futbolçy boldy. Begenç Akmämmedow bu gollaryň 11-sini «Altyn asyryň», 12-sini «Ahalyň», 6-syny «Hazynanyň», 26-syny «Köpetdagyň», 5-sini bolsa «Arkadag» toparynyň düzüminde geçirdi. Gaýtadan döredilen «Köpetdagda» 26 golluk rekordyny heniz hem elinde saklaýan Begenç Akmämmedow «Altyn asyryň» golçularynyň ilkinji 20-ligine, «Ahalda» ilkinji 15-lige, Ýokary ligada bir möwsüm çykyş eden «Hazynada» ilkinji 3-lige, «Arkadag» toparynda bolsa ilkinji 5-lige girýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir