12-nji dekabrda «Tashkent City Congress Hall» halkara işewürlik merkezinde Özbegistanyň Milli mass-mediany goldamak we ösdürmek gaznasy, Repressiýanyň gurbanlarynyň hatyra muzeýi, Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň bilelikde guramagynda «Jeditler: milli erkinlik, garaşsyzlyk we döwletçilik ideýalary» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Ýangi Ozbekiston» internet gazeti habar berdi. Halkara maslahata türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda, ABŞ, Germaniýa, Niderlandlar, Azerbaýjan, Türkiýe, Şwesiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ýaponiýa Täjigistan, Russiýa Federasiýasy we Wengriýa ýaly döwletlerden taryhçy alymlar we edebiýatçylar gatnaşdylar. Halkara maslahat Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň maslahata gatnaşjylara iberen gutlagyň okalmagy arkaly açyldy. Soňra maslahatda Özbegistanyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa söz sözläp, dürli döwletlerde halkara maslahata gelen wekiliýetlere minnetdarlygyny bildirdi hem-d bu çäräniň Merkezi Aziýada ýaşaýan türki halklaryň umumy taryhynda öçmejek yz goýan jeditleriň taryhyny düýpli öwrenmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady. Halkara maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda jeditler döwrüniň aň-bilim işgärleriniň ideýalaryny konseptual öwrenmäge, derňemäge we ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir