Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji dekabrda Ýerewanda (Ermenistan) geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu barada ermeni metbugatyna salgylanyp, «Report.az» habar berýär. Ermenistanyň çäginde BMG bilen bilelikde guralan iň iri çäreleriň biri bolmagyna garaşylýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygynyň temasy «Durnukly ykdysadyýet üçin deňhukukly, elýeter we inklýuziw ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek» diýlip atlandyrylar. Bu forum 2024-nji ýylyň iýun aýynda Kigalide (Ruanda) geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Üçünji konferensiýasyna taýýarlyk bilen bagly tematiki duşuşyk bolar. Ministrler duşuşygyna türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan we olary üstaşyr geçiriji döwletleriň 30-dan gowragynyň wekiliýetiniň, şol sanda Botswananyň, Paragwaýyň, Nepalyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň, Zimbabweniň, Eswatininiň we Lesotonyň ulag ministrleriniň, Malawiniň syýahatçylyk ministriniň, şeýle-de Täjigistanyň we Gazagystanyň ulag ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir